Her ýylyň tomus paslynyň ahyrky aýlarynyň ýetip gelmegi bilen ýurdumyzda aýratyn şatlykly pursatlar başlanýar. Çünki bu günler – ýurdumyzyň ýaşlarynyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine talyplyga kabul edilýän bagtyýar günleridir. Şeýle pursatlar diňe bir olaryň özleriniň däl, eýsem, ähli ene-atalaryň, dogan-garyndaşlaryň hem kalbyny tolgundyrýar. Çünki, täze durmuşa, täze maksada, täze ösüşlere tarap gadam gadam urýan ýaş nesil üçin iň aýgytly, ykbal kesgitleýji wagt başlanýar, irginsiz zähmet çekip talyp diýen ada mynasyp bolan ýaşlar täze talyp durmuşynyň gapysyndan ätleýärler.
Hawa, talyplyk — okuwy dowam etdirmek bilen bir hatarda, özüňi kämilleşdirmegiň, täze dünýä açmagyň we jemgyýete peýdaly raýat bolup ýetişmegiň möhüm ýoludyr. Talyp adyny alan ýaşlaryň her biri indi diňe bir maşgalasynyň däl, bütin Watanymyzyň geljegine hyzmat etmäge taýýar nesil bolmaly.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde täze durmuş ýoluna gadam basýan ýaşlaryň öňünde giň mümkinçilikler açylýar. Okuw jaýlarynyň döwrebap binalary, elektron bilim ulgamy, ylmy-barlag otaglary, döredijilik we sport meýdançalary ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ähli şertleri döredýär. Bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak bolsa ýaşlaryň özleriniň yhlasyna, tutanýerliligine baglydyr.
Saýlap alan hünäri boýunça biri mugallym bolup ýaş nesli terbiýelemegi arzuw edýär, beýlekisi lukman bolup adamlaryň saglygyny dikeltmege ýardam etmek isleýär, ýene biri inžener, gurluşykçy ýa-da ykdysadyýetçi bolup ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmagy ýüregine düwýär. Bu arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin ýurdumyzyň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk şertleriň bardygy bir tarapdan, her bir ýaş, kalby hyjuwly raýaty saýlap alan hünäri boýunça kämillige ruhlandyrsa, beýleki tarapdan, öz saýlan hünäriniň ussady bolmaga borçlandyrýar. Çünki, Garaşsyz ýurdumyzyň röwşen ertirini gurmakda ýaşlara uly bil baglanýar. Ene-atalardyr mugallymlaryň yhlasyndan, döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden ylham alýan ýaşlaryň ýiti zehini, egsilmez güýji bolsa halkymyzyň gymmatly baýlygydyr.
Annageldi GODOROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we
meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziň başlygy.