«Awaza» Milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert geçirildi. Bu çäre dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň jemleýji tapgyry bolup, Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli günleri dabaranyň aýratyn öwüşginli bolmagyny üpjün etdi.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan bu çäre ýurdumyzyň ählumumy meseleleriň çözgüdine işjeň gatnaşýandygynyň, parahatçylyk merkez hökmünde abraýynyň ýokarlanýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.
Dabara «Ýaşa, mähriban Arkadag!» atly aýdym bilen başlanyp, milli tanslar we aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Folklor toparlary, meşhur hem-de ýaş artistler dürli žanrlarda çykyş edip, halk saz gurallarynyň owazyny, döwrebap sazlary we milli öwüşginli tanslary ýerine ýetirdiler. Çykyşlar dürli ýurtlaryň medeni baýlygyny şöhlelendirdi.
Deňziň owadan görnüşi, suw çüwdürimleriniň keşbi, yşyk we reňk sazlaşygy, uly monitorlardaky şekiller konsertiň täsirini güýçlendirdi.
Bu döredijilik baýramy halklaryň medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de sungat ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Röwşen MAKSATMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.