Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Serhet institutynyň bilelikde guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5-8-nji awgustda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler bu geçirilen forumuň ähmiýeti we onuň çäklerinde 7 sany forumy ýagny: Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, nesilleriň dialogyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynyň geçirilendigini belläp bu çärä 32 sany döwletden wekilleriň gatnaşandygyny we forumyň dowamynda birek-birek bilen sorag jogap arkaly şol döwletleriň ösüşleri we alnyp barylýan işler bilen içgin tanşyp çärä aýratyn öwüşgin çaýandygyny bellediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy sagdyn durmuş ýörelgesinde alyp barýan, watanymyzy ösüşleriň aýdyň ýollaryna atarýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Bahar ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap
Geňeşiniň uly buhgalteri.