Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Konstitusiýasy ýurduň berkararlygyny hukuk taýdan ykrar etmek bilen, ähli ugurlardaky ösüşleriň hukuk binýadyny pugtalandyrýar. Esasy Kanunymyzyň kabul edilen güni türkmen halkynyň demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky örän wajyp hem-de aýgytly ädimi hökmünde taryha girdi.
Türkmenistanlylar Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününi milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, parasatly, ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dabaralanmagynyň baýramy hökmünde uly buýsanç bilen belleýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň şanyna gözel paýtagtymyzda özüniň owadanlygy, arhitektura taýdan kämilligi bilen tapawutlanýan ajaýyp binasy guruldy. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezlerinde bina bolan belent sütünlerdäki Döwlet baýdagymyzyň pasyrdysy mizemez agzybirligiň dowamat sazlaşygyny döredip, halkymyzy parahat we bagtyýar durmuşa, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, bu bereketli hem mukaddes toprakda ýaşaýan, işleýän, döredýän her bir ynsanyň mertebesini beýgeltmek babatynda deňsiz-taýsyz özgertmeleri, beýik başlangyçlary yglan edip, olary amala aşyrmagyň ajaýyp nusgasyny görkezýär.
Döwleti dolandyrmagyň milli däplerini we dünýä tejribelerini baýlaşdyrmak bilen, halkymyzyň synmaz ynamyny gazanan, egsilmez eşretleri peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary, uzak geljegi nazarlaýan tutumlary dünýä jemgyýetçiligi üçin görelde mekdebine öwrülýär, belent mertebä eýe bolýar.
Döwletimiziň dünýä derejesindäki orny has-da berkedi we beýgeldi, ýurdumyz tutuş sebitde asudalygyň, agzybirligiň ajaýyp merkezine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli demokratiýanyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy, adamlaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi babatynda deňsiz-taýsyz işler durmuşa geçirilýär.
2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi uly taryhy we syýasy many-mazmuna eýe boldy we halk häkimiýetliligi ýörelgeleriniň mizemezligini şöhlelendirýän taryhy waka hökmünde jemgyýetimizde uly seslenme döretdi. Bu möhüm iş raýat jemgyýetini berkarar etmekde, Türkmenistanyň hukuk döwleti hökmünde halkara ýörelgelerine hem-de milli gymmatlyklarymyza esaslanýan döwlet we hukuk ulgamyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilip, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly ýörelgesi boýunça oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Esasy Kanunymyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrmaga, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň jebisligini pugtalandyrmaga oňaýly şertleri döredýär. Ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik tutumlar, durmuş-ykdysady özgertmeler kämil kanunçylyk binýadyna esaslanýar.
Döwletimiz şahsyýetiň durmuş üpjünçiligi, erkinligi, agzybirligi bilen birlikde, onuň mertebesini, janyny, namysyny, mizemez we tebigy hukuklaryny hem goraýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy Adamyň hukuklary baradaky ählumumy Jarnamada we adam hukuklaryna degişli beýleki halkara resminamalarda jemlenen umumadamzat gymmatlyklaryny şöhlelendirýär.
Esasy Kanunyň II bölüminiň maddalary tutuşlygyna Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary hem borçlary baradaky kadalary özünde jemleýär. Bu maddalaryň kadalaryna göz aýlanyňda, ýokary derejeli sazlaşyklylygy görmek bolýar. Bu bölüme täze maddalaryň goşulmagy bilen birlikde, öňki bar bolan maddalaryň hem mazmunynyň kämilleşdirilendigi, döwrebaplaşdyrylandygy, halkara hukuk kadalary bilen içgin sazlaşdyrylandygy aýratyn bellärliklidir.
Esasy Kanunymyzyň 25-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär.
Türkmenistan dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, adam hukuklary babatda halkara konwensiýalarynyň, ylalaşyklarynyň we şertnamalarynyň köp sanlysyna goşuldy. Ýurdumyz abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň tassyklan resminamalaryna laýyklykda, öz borçnamalaryna berk eýerip, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we düzgünlerini milli kanunçylyga yzygiderli ornaşdyrýar.
Adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek hem-de halkara hukugynyň ynsanperwer ugry boýunça kadalaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna ornaşdyrmak we hukuk-ulanyş tejribesinde durmuşa geçirmek maksady bilen 2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň” tassyklanmagy we üstünlikli durmuşa geçirilmegi muňa mysal bolup durýar.
Esasy Kanunyň 9-njy maddasynda berkidilen ýurdumyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýändigi hakyndaky kadanyň Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň ulgamyna goşulmagy hem-de ähli döwletler bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegi üçin zerur hukuk şertlerini döredýändigini bellemek gerek.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, şahsyýetiň we döwletiň özara jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy, milli ykdysadyýetiň ýörelgelerine doly geçirilmegi üçin giň hukuk mümkinçiliklerini açýar. Döwlet häkimiýetini dünýä bileleşiginde umumy kabul edilen üç özbaşdak şaha — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetine bölmek ýörelgesinden ugur alnyp, Konstitusiýada onuň gurluşy hem seljerilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalaryň üçüsiniň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň düzüminde giňden wekilçilik etmek bilen, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde kanunyň hökmürowanlygyna, adalatly we ynsanperwer jemgyýetiň has-da ösmegine giň mümkinçilikler döredýär. Konstitusiýamyzda bellenilen demokratik ýörelgeler her bir adamyň ykdysady, durmuş we medeni kepilliklerini, syýasy hukugyny we erkinligini üpjün etmäge, erkin ýaşamaga, işlemäge we döretmäge giň ýol açýar.
Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.
“Nesil” gazeti,
18.05.2019ý.