TÜRKMEN ÝOKARY OKUW MEKDEBINDE HYTAÝ DILINI ÖWRENMEK MESELELERI BOÝUNÇA HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň halkara dil alyşmalar we hyzmatdaşlyk merkeziniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda hytaý dilini öwrenmek babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek we ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Merkeziň wekilleri bu ugurda alyp barýan işleri, tejribe alyşmak, okatmagyň innowasion usullaryny ulanmak we ösdürmek, şeýle hem öňdebaryjy bilim tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak boýunça işler barada gürrüň berdiler. Hytaý tarapy hytaý dilini öwrenmekde usulyýet kömegini bermek, dürli görnüşli okuwlary guramak, mugallymlaryň hünär ussatlygy derejesini ýokarlandyrmak işinde hyzmatdaşlygy teklip etdi.

Ikitaraplaýyn duşuşygyň ahyrynda merkeziň wekiliýeti türkmen uniwersitetiniň nebitgaz fakultetine baryp gördi, ol ýerde diller kafedrasynyň işi bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 2023-nji ýylda gol çekilen taraplaryň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda Pekiniň Hytaý nebit uniwersiteti bilen işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny bellemek gerek. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde talyplar üçin hytaý dilini öwretmegi we Pekiniň uniwersitetinde türkmen ýokary okuw mekdebiniň diller kafedrasynyň mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlaryny guramak göz öňünde tutuldy.

HHR-niň Bilim ministrliginiň halkara dil alyşmalar we hyzmatdaşlyk merkeziniň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşyk hytaý dilini öwrenmek babatda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berer.

turkmenistan.gov.tm