Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda toý-baýramlarymyzy uly dabara bilen belläp geçýär. Şeýle baýramlaryň biri-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş günüdir.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna biziň ildeşlerimiziň hem müňlerçesi gatnaşyp, olar deňsiz-taýsyz gahrymançylyk görkezdiler. Ýeňşiň gazanylmagyna edermen gerçekler bilen birlikde, tylda galan ýaşuly adamlar, zenanlar, çagalar hem goşant goşdular. Şol ýyllarda tylda zähmet çeken adamlaryň bitiren işleri ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk göreldedir.
Bu elhenç uruşdan soň näçe ýyllar geçse-de, Watan üçin şirin janyny orta goýanlaryň söweş edermenligi, olaryň yzynda maşgala ojagyny saklap galan zenanlaryň zähmet edermenligi hiç haçan unudylmaýar. Şu günki erkana, asuda, bagtyýar durmuşyň hatyrasyna duşmana garşy gazaply söweşlerde janlaryny gurban eden gahrymanlaryň görkezen gaýduwsyzlygy häzirki we geljekki nesillerimiz üçin mertligiň terbiýe mekdebidir.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň 25-nji aprelinde geçirilen bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň uruş weteranlary we tylda edermenlikli zähmet çekenler barada mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn alada etjekdigini aýdyp, degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan bellenilen möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy degişli guramalara tabşyrdy.
Biziň Halkara nebit we gaz uniwersitetimizde hem Ýeňiş güni mynasybetli çäreler guralýar. Şeýle dabaralar ýurdumyzyň diňe bir ýokary okuw mekdeplerinde däl, eýsem, orta mekdeplerde, çagalar baglarynda-da täsirli geçirilýär. Şeýle çärelere uruş weteranlarynyň gatnaşmagy baýramçylyk dabaralarynyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Uniwersitetimiziň professor-mugallymlary talyplara watansöýüji, ilhalar, ynsanperwer, ylymly-bilimli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekde, il-gününiň abadançylygy ugrunda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzdan nusgalyk görelde almagy ündeýärler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplaryndan, ýazyjy-şahyrlaryň uruş ýyllarynyň edermenliklerine degişli eserlerinden sergi guraýarlar. Umuman, türkmen halkynyň «Merdi sylan — merdana» diýen pähimine eýerýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen uruş weteranlary uly üns bilen gurşalýar. Çünki olar gahrymançylygy hiç wagt unudylmajak Watan gerçekleridir.
Žanarbek KOLBAÝEW,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
“Nesil” gazeti,
09.05.2019ý.