Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap pensiýa gazna bölüminde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň pensiýa gaznasy bilen bilelikde guramagynda ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda “Maşgalam – baş galam” ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda maşgala gatnaşyklary we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalar hakynda bellenip geçildi. Şeýle hem, maşgala gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryň kanunçylyk namalarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigi, ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, urp-adatlary bu günki bagtyýarlyk döwrümizde nusgalyk mekdep hasaplanylýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sşzlerini beýan etdiler.
Ergeş ABDYRAHMANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Hojambaz etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.