USSATLARYŇ USSADY

Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan işleri dünýä ýaň salýar. Bu döredilýän döwrebap mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ezber türgenler türkmeniň ýaşyl Baýdagyny belentde parladyp, ýurdumyzyň abraýyny mynasyp goraýarlar. Ine, şeýle ussat türgenleriň biri-de Döwletjan Ýagşymyradowdyr. Ol garyşyk Başa-baş söweş sungaty boýunça dünýäniň iki gezek çempiony, şeýle-de täze halkara ýaryşy ACA-nyň ilkinji çempionydyr. Döwletjanyň Başa-baş söweş sungaty boýunça gazanýan üstünlikleri ýurdumyzyň şöhratyna şan goşýar. 10 ýyla golaý wagtdan bäri sportuň bu görnüşi boýunça meşgullanýan ussat çempion Döwletjan Ýagşymyradow 7-nji aprelde ýurdumyzda giňden bellenen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Olimpiýa şäherçesinde ýaýbaňlandyrylan sport çäreleriniň çäklerinde sambo sporty boýunça türgenleşýän milli ýygyndy toparymyz bilen duşuşdy. Şol ajaýyp pursatlarda biz dünýä çempiony Döwletjan Ýagşymyradow bilen söhbetdeş bolduk.

— Döwletjan ilki bilen-ä gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Ýeňişler ýaranyňyz bolsun!

— Sag­bo­luň.

— Siziň bu arzyly menzillere ýetýänçäňiz geçen ýoluňyz barada gürrüň beräýseňiz.

— Men­de spor­ta bo­lan hö­wes, yhlas, hyjuw çagalar bagyna gatnaýan döwürlerim döredi. Men Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda önüp-ösdüm. Ilkinji sport ýolumy Başa-baş göreş görnüşinden däl-de, karate sportundan başladym. Şol wagt obamyzdaky mekdepde täze açylan karate toparyna ýazylamda 6 ýaşymdadym. Umuman, karate sporty bilen 12 ýaşyma çenli meşgullandym. Karateden soň, Türkmenabat şäherinde kikboks sporty bilen meşgullanyp başladym.

— Söweş sungatyndaky ilkinji ädimleriňizi haýsy tälimçi bilen başladyňyz?

— Umu­man, sport­da­ky il­kin­ji ädimim ussat tälimçi Jorakuly Jumaýew bilen berk bagly. Söweş sungatyndaky gazanýan üstünliklerimde onuň paýy diýseň uly.

— Başa-baş söweş sungaty bilen meşgullanmaga itergi beren güýç näme?

— Me­niň esa­sy mak­sa­dym hal­ka­ra ýaryşlaryna çykyp, ýeňiş gazanmakdy. Şol yhlasym bilen men ymykly 2012-nji ýyldan Başa-baş göreşi bilen meşgullanyp başladym. Başa-baş söweşe barmagyma-da esasy sebäpkär harkowly Anton Baçaraşwili boldy.

— Siz ýaňy-ýakynda ACA-nyň (Absolute Championship Akhmat) ussatlarynyň arasynda ilkinji çempion bolup taryha girdiňiz. Ýaryşyň öz garşydaşyňyzyň ýurdunda geçýänligine garamazdan, siz ýeňiş gazandyňyz.

— Çem­pion­lyk gu­şa­gy­ny ga­zanmak meniň esasy arzuwlarymyň biridi. Men bu çempionlyk guşagyna ýetmek üçin köp türgenleşdim. Yzygiderli türgenleşikleriň hökmany suratda üstünlige ýetirýändigine ýene bir ýola göz ýetirdim. Ýerli türgen Karol Selinski hem güýçli türgenleriň biri. Polşaly janköýerler diňe Karol Selinskiniň tarapyndady. Ýöne muňa seretmezden, birjik­-de ruhdan düşmän, ýeňiş gazandym.

— «Watan» diýen düşünjä bolan garaýşyňyz.

— Men 2009-njy ýyl­da Uk­rai­nanyň Harkow şäherindäki Milli ykdysadyýet uniwersitetine okuwa girdim. Eýýäm 10 ýyldan bäri daşary ýurtda. Başa-baş söweş bilen hem Ukrainada meşgullanyp başladym. Şunça ýyllap daşary döwletiň duzuny iýsemem öz Watanymyň topragyny hiç zada çalyşman. Dogduk mekanyň, öz Watanyň diýen düşünjeler meniň üçin iň uly gymmatlykdyr. Men haýsy guramadan ýaryşa çykanymda-da öz ýurdumyň Döwlet Senasynyň owazy hiç wagt aňymdan aýrylanok. Ýeňşimden soň ýaşyl Baýdagymyzy parlatmak meniň üçin uly mertebe.

— Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen sporty ösüş ýoluna düşdi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen V Aziýa oýunlaryna hut siziň özüňiz hem gelipdiňiz.

— Örän dog­ry bel­le­di­ňiz. Spor­tuň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dünýä ýaň saldy. Öz Watanymda şeýle uly yklym ýaryşynyň geçirilendigine men diýseň buýsanýan. 2018-nji ýyldaky iki sany uly hal­ka­ra ýa­ry­şy «Amul — Ha­zar 2018» halkara awtorallisi we Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty bolsa, Türkmenistanyň sport babatdaky amala aşyrýan özgertmelerini bütin ýer ýüzüne aýan etdi. Men şu buýsançly pursatlaryň şaýady bolanymda türkmen topragynyň pälwanydygyma diýseň buýsandym. 2020-nji ýylda bolsa ýene bir uly halkara ýaryşy Sambo boýunça dünýä çempionaty hem Watanymyzyň ýüregi Aşgabatda geçiriler. Men sport babatda ähli döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýdýaryn. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Türkmen türgenleriniň elmydama gazanjak üstünlikleri diňe altyn medallar bolsun!

— Döwletjan, beren gürrüňleriňiz üçin köp sagboluň! Siziň elmydama sport äleminde üstünlikler hemraňyz bolsun!

— Sag­bo­luň.

Söh­bet­deş bo­lan Mež­nun ÖRÄÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Sport» teleýaýlymynyň alypbaryjysy.

“Nesil” gazeti,

11.04.2019ý.

Öňki makala

SAGDYNLYGYŇ BINÝADY

Indiki makala

SPORT RUHUBELENTLIKDIR

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 37 okalan

SANLY BILIM — GELJEGIŇ AÇARY

20 Awgust 2025 | 32 okalan

MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

20 Awgust 2025 | 31 okalan

AWAZA – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI