TÄSIRLI GEÇEN GEZELENÇ

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda gezelenç çäresi geçirildi. Aşgabat şäherimiziň gözel ýerinde ýerleşýän Ertekiler dünýäsinde geçirilen gezelenç çäresine ýaşlar hem-de körpeje çagalar gatnaşdylar.

Wagtyňy hoş geçirmek üçin dürli attraksionlary özünde jemleýän bu seýilgähiň ekologiýa taýdan arassa howasynyň bolmagy bu ýere gelýänleriň göwünlerini açýar. Gezelenjiň dowamynda çagalar Watanymyzy wasp edýän goşgudyr-aýdymlary aýtdylar.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Serdar NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

11 Awgust 2025 | 34 okalan

SAGDYN NESIL – SAGDYN JEMGYÝET

08 Awgust 2025 | 64 okalan

«DÜNÝÄNIŇ NAZARY AWAZADA»