TÜRKMENISTAN WE ÝUNESKO HYZMATDAŞLYGY GIŇEÝÄR

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde milli medeniýetimiziň, taryhy gymmatlyklarymyzyň, ata – babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň düýpli öwrenilmegi we kämilleşdirilmegi, maddy däl medeni gymmatlyklarymyzyň halkara derejesinde ykrar edilmegi ugrunda yzygiderli işler alynyp barylýar. Bu babatda halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi.

ÝUNESKO-nyň “Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky” Konwensiýasynyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna 1999-njy ýylda ýurdymyzyň çäginden ilkinji gezek taryhy ýadygärlik hökmünde “Gadymy Merw” döwlet medeni-taryhy goraghanasy, 2005-nji ýylda “Köneürgenç” döwlet medeni-taryhy goraghanasy, 2007-nji ýylda “Nusaýyň Parfiýa galalary” döwlet medeni-taryhy ýadygärligi girizildi. Şeýle hem 2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Görogly” dessançylyk sungaty girizildi, 2016-njy ýylda “Nowruz baýramy”, 2017 -nji ýylda “Küştdepdi” aýdym we tans dessury, 2019-njy ýylda “Türkmen milli halyçylyk sungaty”, 2021-nji ýylda “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty”, 2022-nji ýylda “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi”, “Keşdeçilik sungaty” we “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri”, 2023-nji ýylda “Aram guşaklykdaky Turan çölleri”, “Ýüpek ýoly: Zerewşan – Garagum geçelgesi”, Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň bütindünýä döredijilik şäherleri torunyň “Dizaýn” ugry boýunça, 2024-nji ýylda “Türkmen ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” bu guramanyň abraýly sanawynda mynasyp orun eýelediler.

Mährijemal ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar