HAZARYŇ TÜRKMEN KENARY TARYHY MASLAHATYŇ BOSAGASYNDA

Düýn şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasynyň hem-de «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda brifing duşuşygy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna amala aşyran iş sapary mynasybetli guralan duşuşyga TMÝG-niň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary hem-de kitaphanaçylar gatnaşdylar.

Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan brifing duşuşygynda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler bu günki gün özeninde türkmen halkynyň gadymyýetden alyp gaýdan hoşniýetlilik, birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk ýaly mizemez ýörelgelerini özünde jemleýän daşary syýasatymyzyň dünýäde uludan dabaralanýandygyny buýsanç bilen bellediler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna amala aşyran iş sapary, üstümizdäki ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilmeginiň ähmiýeti we Gahryman Arkadagymyzyň bu halkara forumyň geçirilmegi bilen bagly beren tabşyryklary dogrusynda täsirli söhbet edildi.

Şeýle hem çykyşlaryň her birinde eziz Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

15 Iýul 2025 | 55 okalan

SAGLYK – ÝAŞAÝŞYŇ BEZEGI

11 Iýul 2025 | 1320 okalan

ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI