Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Bitarap Türkmenistanyň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny aýdyň görkezýän möhüm wakalara beslenýär. Türkmen diplomatiýasynyň häzirki zaman ösüşi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň köpugurly kuwwatyny has doly derejede durmuşa geçirmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we doganlyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilendir. Aýdylanlardan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen özara hyzmatdaşlygy babatda öňden gelýän we üstünlikli dowam edýän, döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy bellemek zerurdyr.
Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň bu dostlukly ýurda amala aşyrýan iş sapary hem örän uly ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi döwletleriň umumy ösüş ugrunda doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna we mundan beýläk-de ösdürilmegine özara ygrarlydygyny görkezýär.
Şu gün Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu dostlukly ýurda amala aşyrýan iş saparynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny beýgeltmekde alyp barýan umumadamzat ähmiýetli, asyrlara mynasyp işleri, halkara dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Olarda bellenilişi ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzy gazanmagymyz dünýä ýurtlary bilen ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetli dostluk gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu gatnaşyklar bagtyýar döwrümizde has-da giň gerime eýe boldy, parahatsöýüjiligi hemra edinen oňyn Bitaraplyk syýasatymyz bütin dünýäde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki günde biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi sebit we dünýä möçberinde ýagdaýlary durnuklaşdyrmaga, syýasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologiýa taýdan wajyp meseleler çözülen halatynda döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsirini ýetirmegiň faktory hökmünde özüni has hem aýdyň ýüze çykarýar.
Şeýle hem çykyşlarda halkara gatnaşyklary pugtalandyryp, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.