WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, talyp ýaşlaryň arasynda tertip düzgüni berjaý etmek, tomusky dynç alyş günlerinde boş wagtlaryny rejeli peýdalanmak, hukuk bozulmalardan daşda durmak we talyp ýaşlaryň geljekde ýokary bilimli hünärmenler bolup, ähli tarapdan sagdyn, nusgalyk ýaşlar bolmagyny gazanmak barada düşündiriş ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Şeýle hem çykyşlarda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirleri, maşgala abatlygyny goramakda ýetirýän howpy barada belläp geçdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda raýatlarymyzyň her biriniň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, halal we döredijilikli zähmet çekmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 23 okalan

HALKARA GATNAŞYKLARY BERKIDILÝÄR

17 Iýul 2025 | 24 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

10 Iýul 2025 | 71 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI