Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny wagyz etmek maksady bilen “Ýaşlar – ýurdumyzyň kuwwatly güýji” ady bilen aýdym-sazly çäresi geçirildi. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen döwletli başlangyçlar dogrusynda ýaşlaryň täsirli çykyşlary diňlenildi.
Dabaranyň dowamynda ýaş medeniýet-sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde watançylyk, söýgi aýdymlary oňa gatnaşyjylarda uly ruhubelentligi döretdi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.