ÝÜREK JOŞA GELÝÄR, GÖWÜN GALKYNÝAR, GÜL DIÝARDA AK DAŇYMYZ ATANDA

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi “Daşoguz habarlary” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde, welaýat kitaphanasynda ýaşlaryň döredijilige bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, şeýle-de, milli bahar baýramy mynasybetli, döredijilik duşuşygyny geçirdi.

Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň hem-de “Daşoguz habarlary” gazetiniň redaksiýasynyň wekilleri, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň jöwher pähim-paýhaslaryndan dörän ajaýyp kitaplaryň egsilmez ylham çeşmesidigi hakynda belläp geçdiler.

 Many-mazmunly çykyşlarda, okalan ajaýyp şygyrlarda kalplary ylhamly ýaşlaryň ýürek buýsançlary öz beýanyny tapdy. Ajaýyp şygyrlar täze döwürde ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň, barha artýan ykdysady kuwwatynyň, hormatly Prezidentimiziň halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda öňe sürýän başlangyçlarynyň, ägirt uly özgertmeleriniň, ajaýyp ýaşlygyň çeper beýanyna öwrüldi.

Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döretmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Gülendam SIBULLAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň baş buhgalteri.

Meňzeş habarlar

10 Oktýabr 2025 | 143 okalan

YKDYSATÇYLAR BÄSLEŞDILER

09 Oktýabr 2025 | 121 okalan

ZENANLAR – WATANYMYZYŇ MERTEBE TUGY

09 Oktýabr 2025 | 123 okalan

ASYRLARYŇ ÝAŇY BARDYR GADYMY KÖNEÜRGENÇDE