BITARAPLYK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk ösüşleriň binýady» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzda halkara gatnaşyklarynyň has-da giň gerime eýe bolýandygy dogrusynda beýan edildi.

Çäräniň ahyrynda Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy hem-de asuda, parahat durmuşda ýaşamaga, işlemäge, döretmäge we gurmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

 

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 59 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI