«ÝAŞASYN PARAHAT DURMUŞ!» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI

Ata Watanymyzda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de şanly ýylymyzda giňden belleniljek ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň esasy maksady hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli syýasatyny, Bitaraplygyň türkmen halkyna eçilen bagtyny, parahat, asuda, bolelin hem-de gülleýän durmuşy, dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini, durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri, gözel Diýarymyzyň ýeňişlerini ýaýmakdan, wasp etmekden, döredijilik bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary, çeper söz ussatlaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Bäsleşige paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan hem-de döredijilik bilen meşgullanýan islendik ýaşdaky ildeşlerimiz ozal başga neşirlerde çap edilmedik eserleri bilen gatnaşyp bilerler. Gazetiň redaksiýasyna iberilýän makalalaryň hil we mazmun taýdan iň gowulary saýlanyp-seçilip çap ediler.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

«Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy: 39-95-31, 39-96-24.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi: 44-89-06.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 59 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI