SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag, Büzmeýin etrap Geňeşleri bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Watanyň buýsançly ýaşlary» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlik duşuşygynda edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze taryhy zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde Watanymyzyň şan-şöhratynyň at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygy hem bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ertirki günüň eýeleri bolan biz – ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döredijilikli zähmet çekmegimize, şu mukaddes Watana ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleri döredýär.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar pursatdan peýdalanyp türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Bahar ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 5 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 5 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 58 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI