KITAP – RUHUŇ HAZYNASY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 24-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp eserini tanyşdyrmak maksady bilen, maslahat duşuşygy geçirildi.

Çärede Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp kitaby barada, şeýle hem, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi.

Dabaranyň ahyrynda berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Şöhrat MÄMMETHANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 4 okalan

MEDENI MIRASYM — MILLI BAÝLYGYM

17 Iýul 2025 | 44 okalan

TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

17 Iýul 2025 | 34 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY