DEMOKRATIK ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

     Düýn Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda «Maslahatly il myrada ýeter» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň,  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň   hem-de  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu söhbetdeşlikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri, aýratyn-da bu syýasy jemgyýetçilik çäresinde ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy babatda öňde durýan wezipeler barada gürrüňdeş boldular.

 

Beýzaly ATAÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 0 okalan

«GURÝAN DÖWLET – GURPLY DÖWLET»

19 Iýun 2025 | 95 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA