DEMOKRATIK ÖZGERTMELER DOGRUSYNDA SÖHBETDEŞLIK

     Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda «Halk maslahatynyň çözgütleri – aýdyň geljegiň kepili» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hem-de Arkadag şäheriniň Maliýe müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu söhbetdeşlikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri, aýratyn-da bu syýasy jemgyýetçilik çäresinde ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy babatda öňde durýan wezipeler barada gürrüňdeş boldular.

 

Ahmet GYŞYKOW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 0 okalan

«GURÝAN DÖWLET – GURPLY DÖWLET»

19 Iýun 2025 | 95 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA