ÝAŞLARYŇ DÖWREBAP GELJEGI UGRUNDA

     Watanyň daýanjy saýylýan ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen jemgyýetde ýaşamagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli, ylymly, watansöýüji, beýik ahlak häsiýetli nesiller hökmünde kemala gelmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipeleriniň biri. Hut şol wezipelerden ugur alyp zähmet çekýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan meýilnamalaýyn işler guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle çäreleriň biri, ýakynda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bagtyýar talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirildi.

      Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty, aýratyn-ta bilim-terbiýeçilik edaralary, olaryň ýaşlara döwrebap bilim bermekdäki ähmiýeti, ýaş nesilleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň rowaçlygyna çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen öňde durýan wezipeler babatda täsirli gürrüňler edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 250 okalan

«GURÝAN DÖWLET – GURPLY DÖWLET»

19 Iýun 2025 | 101 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA