SÖHBETDEŞLIK ÝAZGY EDILDI

     Düýn Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wekilleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

     «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaşlar üçin ýörelgedir» atly şygar bilen geçirilen söhbetdeşligiň barşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýokary derejede toýy toýlanylýan dana şahsyýetimiz Magtymguly Pyragynyň döredijilik ýoly, beýik ahlak häsiýetli goşgylary we belent şahsyýeti hakynda täsirli gürrüňler edildi.

 

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 250 okalan

«GURÝAN DÖWLET – GURPLY DÖWLET»

19 Iýun 2025 | 101 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA