ÝYLYŇ ŞYGARY – ÝAŞLARYŇ DILLERINIŇ SENASY

        Ýakynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda belent maksatly tutumlar we batly gadamlar» atly maslahat geçirildi. Maslahaty Arkadag şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalarydyr syýasy partiýalary bilelikde guradylar.

        Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli geçirilen maslahatda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onda beýan edilýän türkmençilik ýol-ýörelgeleri, beýik ahlak häsiýetleri we ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde şahyryň döredijiliginiň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

        Şeýle hem çykyşlaryň her birinde türkmen edebiýatynyň şöhratyny ýokarlandyrmakda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 250 okalan

«GURÝAN DÖWLET – GURPLY DÖWLET»

19 Iýun 2025 | 101 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA