DANA ŞAHYRYŇ HORMATYNA

     Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik taýýarlanyldy.

     2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli guralan bu çäre «Ynha, seniň bagtyýarlyk zamanaň – aýla nazaryňy seret Pyragym» diýlip atlandyryldy. Şahyryň döredijiligi, ömür ýoly we şu günki hormat-sarpasy dogrusynda beýan edilen çykyşlaryň her birinde döredijilige aýratyn sarpa goýýan, şahsyýetlerimiziň ruhuny galkyndyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

 

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 250 okalan

«GURÝAN DÖWLET – GURPLY DÖWLET»

19 Iýun 2025 | 101 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA