HALKARA DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY – BAGTYÝAR GELJEGIŇ AÝDYŇ KEPILI

       Şu gün Arkadag şäheriniň iň bir gözel künjekleriniň biri bolan Arkadag binasynyň öňünde, sergin howaly säherde Arkadag şäheriniň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik taýýarlanyldy.

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanyp geçirilen bu söhbetdeşligiň barşynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hoşniýetli Bitaraplyk syýasatymyza esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarymyz, milli ykdysadyýetimizi, senagatymyzy, ylym-bilim ulgamyny, elektroenergetikany, nebiti we gazy, ulag-kommunikasiýa pudagyny, söwda we telekeçilik işini döwrebap sazlaşykly alyp barmakda, ekologiýany goramakda halkara gatnaşyklarynyň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem çykyşlarda öňde durýan wezipeler dogrusynda pikir alşyldy.

       Täsirli geçen söhbetdeşlikde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýän we ýurdumyzda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler buýsanç bilen aýdyldy.

                                                                                         

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 250 okalan

«GURÝAN DÖWLET – GURPLY DÖWLET»

19 Iýun 2025 | 101 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA