TEBIGAT WE TEBIGY HADYSALAR HAKYNDAKY MATALLAR

Çapraz düwmäm ýazylar,

Garaňkyda düzüler.

(Ýyldyzlar)

 

Çapsam çapylmaz,

Kessem kesilmez.

(Saýa)

 

Çat-çat eder, ýalmap gider.

(Ot)

 

Çilt etdi, çyltakdan aşdy.

(Ýyldyrym)

 

Çyg deri, çygman deri,

Ony bilmedik

Dünýäň baryn bermeli.

(Ümür)

 

Dagdan gaýdar, gygyrar,

Ýol boýunda sygyrar,

Astyn-üstün etdim diýip,

Ýolbars kimin bagyrar.

(Sil)

 

Daşdan görsem eleslär,

Ýetdirmez ara kowma,

Aýajygmy takyr aldy,

Janym, pyýada kowma.

(Salgym)

 

Daşdan görsem,

Labyr-labyr.

Ýanna barsam,

Halka demir.

(Ot)

 

Daşdan görseň,

Ýyldyr-ýyldyr.

Ýanyna barsaň,

Akja baldyr.

(Suw)

 

Daşdan görseň,

Ýyldyr-ýyldyr.

Ýanyna barsaň,

Gulply zynjyr.

(Buz)

 

Dört işik gördüm bir öýde, eý hekim,

Hersinde üç gelin otyrmyş mukym

Her gelne berilmişdir otuz ogul,

Her ogul başynda bar bäş desse gül.

(Dört pasyl, üç aý, otuz gün, baş wagt namaz)

 

Dört okaram hap-da, hap,

Birin aç-da, birin ýap.

(Dört pasyl)

 

Düýn öýlän-ä, düýn öýlän,

Atym gitdi düýn öýlän.

Aýagynda al tanap,

Süýräp gitdi düýn öýlän.

(Älemgoşar)

 

Egri-bugry enesi,

Gökje ýorga çagasy.

(Ýap, suw)

Ekin eksem, hasyl bitmez,

Asyl onuň tagty gitmez.

(Şor ýer)

 

Ele alyp bolmaz,

Goltuga salyp bolmaz.

(Köz)

 

Elsiz, aýaksyz  işik açar.

(Ýel)

 

Enem beren sary kilime garap bilmen,

Atam beren kümüş puly sanap bilmen.

(Gün, ýyldyzlar)

 

Ertekim erte boldy,

Gulagy şarta boldy.

Gaz garawul boldy,

Durna ýasawul boldy.

(Odun, ot, tüsse)

 

«Gal» diýseň-de galmaýar,

Özi ýöräp bilmeýär.

(Kölege)

 

TÜRKMEN HALK MATALLARY

Meňzeş habarlar

30 Sentýabr 2025 | 223 okalan

PARYZDEPE ÝADYGÄRLIGI

18 Sentýabr 2025 | 688 okalan

KEŞDEÇILIK SUNGATY: MILLI MIRASYŇ BEZEGI