Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän we halkyny Gün kimin çoýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalary il-günümiziň guwanjyny goşalandyrýar. Şeýle wakalaryň biri hem, Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildini çapdan çykmagy boldy. Hut şu nukdaýnazardan, şugünler welaýatymyzda geçirilýän dabaraly çäreler, maslahatlardyr, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşyklar giň gerime eýe bolýar.
Mary şäherindäki «Bagt köşki» toý dabaralar merkezinde geçirilen brifing duşuşygy bu taryhy waka bagyşlanyldy. Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyk uly ähmiýete eýe boldy. «Il-halkynyň jana-jany, dünýe içre ykrarymyz, Watanmyzyň Gahrymany Arkadagly Serdarymyz!» ady bilen geçirilen duşuşyga TMÝG-niň işjeň agzalary, işewür zenanlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan pähim-parasatly döwlet syýasatynda türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň we asylly däpleriniň öz beýanyny tapýandygy dogrusynda söhbet edilip, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer taglymatynyň, howandarlyk ýörelgesiniň bütin dünýäni çoýýandygy dogrusynda ýaşlarymyzyň ýürek töründen syzylyp çykýan ýagşy arzuwlary joşgunly beýan edildi. Sahawatyň we ynsanperwerligiň nusgalyk göreldesini görkezýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen täze döredilen Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň gowşurylmagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň halk köpçüligine ýetirilmegi türkmen halkynyň buýsanjyna buýsanç goşup, baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşandygy baradaky täsirli çykyşlara brifing duşuşygynda aýratyn ähmiýet berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Laçyn KAKAJANOWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň müdiri.