Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimiz dünýä ýaň salýar, däp-dessurlarymyz täzeçe röwüşe eýe bolýar. Bu günki gün dünýäniň gursagyndaky göwher gaşly gülýaka meňzeýän milli medeniýetimiz we sungatymyz ähli öwüşginleri bilen köňüllere nur çaýýar.
Mälim bolşy ýaly, öz taryhymyz, milli medeniýetimiz, sungatymyz hem-de däp-dessurlarymyz bilen içgin tanyşmagyň iň ähmiýetli mesgeni muzeýlerdir. Taryhy gymmatlyklaryň baý mirasyny özünde jemleýän muzeýler geçmişine we häzirki ajaýyp döwrüne belent sarpa goýýan her bir adamda, ylaýta-da, ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Şoňa görä-de biziň eşretli zamanamyzda muzeýleriň sany barha artyp, olara guralýan gezelençler giň gerime eýe bolýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň Mary şäherinde ýerleşýän harby bölümleriniň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç çäresi guraldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň iş meýilnamasy esasynda guralan gezelenç «Milli taryhyň buýsanjy» diýlip atlandyryldy.
Ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen guralan gezelençde harby gullukçylar muzeý bilen, aýratyn-da, muzeýiň etnografiýa we arheologiýa bölümi bilen içgin tanyş boldular. Ýaşlar muzeýiň arheologiýa bölüminde Gadymy Margiananyň, antik we orta asyr Merwiň taryhyna degişli eksponatlary, basma we syrçaly keramikanyň ajaýyp nusgalary, piliň süňkünden ýasalan küşt çöpleri bilen tanyş bolup, etnografiýa bölüminde türkmen halkynyň baý maddy we ruhy medeniýeti barada gürrüň berýän eksponatlar, gelin-gyzlaryň ajaýyp el hünärleri, türkmen ýaraglarynyň nusgalary, halk saz gurallary we kümüş şaý-sepleri bilen tanyşdylar.
Gezelenç, oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Gezelenjiň dowamynda milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy giňden öwrenmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyşlar aýdyldy.
Annagözel SARYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.