EZBERLER ÖŇE SAÝLANDYLAR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuşy kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer we adyl syýasatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça biziň etrabymyzda hem giň gerimli işler alnyp barylýar.

     Ýakynda Sakarçäge etrabynyň «Watan» sport desgasynda türgenleriň arasynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryş gyzykly we çekeleşikli häsiýetde geçdi.

     Bu sport ýaryşy ýaşlary sporta höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, Watana wepaly ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirildi. Öz aralarynda bäsleşen ýaşlar, bu babatda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Bu ýeňiş türgenlerimizi täze üstünliklere galkyndyrdy.

     Şeýle ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň birek-birege sylag-hormatyny, jebisligini kemala getirip, dünýägaraýyşlaryny ösdürýär. Bu bolsa, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

     Bäsleşige gatnaşan türgenler türkmen sportunyň taryhy ösüşleriniň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

 

 

Jeýhun BAÝRAMDURDYÝEW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

30 Iýun 2025 | 0 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 0 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER