Baýramaly etrap merkezi kitaphanasynda geçirilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň we Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik täsirli boldy.
Tegelek stoluň başyna ýygnananlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda güneşli Diýarymyzda halkyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülip, il-gün bähbitli bu wezipede halkymyzyň saglygynyň döwletimiziň gymmatly baýlygydygy ýörelgesinden ugur alynýandygy dogrusynda buýsançly bellediler. Soňky ýyllarda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri, keselleri anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berilýändigi, il bähbitli şeýle işleriň üstümizdäki Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda-da rowaç alýandygy halkymyzda, ylaýta-da saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerinde guwanç duýgusyny döredýändigi bilen bagly buýsançly gürrüňe söhbetdeşlikde aýratyn ähmiýet berildi.
Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzyň sagdyn ýaşamagy, işlemegi üçin ähli amatlyklary, durmuş ýeňilliklerini döredip berýän Lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Serdar BERDIÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Baýramaly şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.