TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYLDY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygy ugrunda giň mümkinçilikler döredilip, irginsiz aladalar edilýär. Şeýle aladalara jogap edip, ynsan saglygyny goramak we dikeltmek, ýüze çykýan keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek ak ýektaýly lukmanlarymyzyň paýyna düşýär. Olar ýeňil bolmadyk işlerinde lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitabyna salgylanyp, ildeşlerimiziň sagdyn bolmagy üçin yhlasly zähmet çekýärler. Hut şu nukdaýnazardan, güneşli Diýarymyzda zähmetsöýer lukmanlarymyzyň zähmet üstünliklerini şöhratlandyrmak maksady bilen ýylyň-ýylyna Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär.

     Ýakynda, eli ýeňil lukmanlarymyzyň hünär baýramçylygyna bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Baýramaly etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de etrap hassahanasynyň  bilelikde guramaklarynda Baýramaly şypahanasynda geçirilen dabara il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda täsirli çykyşlara giň orun berildi.

     Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ynsanyň gymmatly baýlygy bolan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülip, bu ugurda ýokary sepgitlere ýetilýändigi dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň raýatlarymyzyň saglygy barada edýän aladalaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda raýatlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almaklaryna, saglygyny berkitmeklerine amatly şertleriň döredilýändigi hem-de ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň hem yzygiderli pugtalandyrylýandygy baradaky joşgunly söhbetler bolsa, çykyşlaryň özenini düzdi.

     Maslahata gatnaşyjylar ak ýektaýly, eli ýeňil lukmanlarymyzy hünär baýramçylygy bilen gutlap, döwletli döwranly döwürde eşretli ýaşaýşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Hallygözel KERWENOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Iýun 2025 | 0 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 0 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER