Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Indi birnäçe ýyl bäri Türkmenistan döwletimizde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy giňden bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli dabaraly çäreler, maslahatlardyr wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şeýle dabaraly çäreler biziň welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolýar.
Ýakynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi Ýazgeldi Çaryýewleriň maşgalasynda myhmançylykda bolup, maşgala agzalaryny baýramçylyklary bilen gutlap, olar bilen gürrüňdeş boldular.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyranda, saparyň çäklerinde Sakarçäge etrabynyň merkezinde durmuş taýdan aýratyn goraglylyga mätäç, mümkinçiligi çäkli raýatlar üçin gurlan 4 gatly, 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşypdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwrebap ýaşaýyş jaýynda döredilen şertler bilen tanyşlygyň barşynda täze jaýa göçüp gelmek bagtyna eýe bolan etrabyň Çaşgyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Ýazgeldi Çaryýewiň öýüne baryp görmegi, öý eýeleriniň iş, durmuş şertleri, hal-ýagdaýlary bilen içgin gyzyklanmagy jemgyýetimizde bolup geçýän taryhy wakalaryň şöhratlanýandygyň aýdyň subutnamasy boldy.
Döwletli saçagyň başynda geçen gürrüňdeşlikde hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyza häzirki zaman ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga giň mümkinçilikleri açýandygy, şol sanda mümkinçiligi çäkli raýatlar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigi dogrusynda söhbet açyldy. Gözel Diýarymyzda hassahanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, oba saglyk öýleriniň gurulmagy, öň bar bolanlarynyň durkunyň täzelenip, dünýä ülňülerine laýyk enjamlar bilen üpjün edilmegi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Gürrüňdeşligiň dowamynda Ýazgeldi Çaryýew hem-de onuň maşgalasy ynsanperwerlik ýörelgesini hemra edinen Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Ynsan saglygyny goramak hem-de dikeltmek ugrunda yzygiderli aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.