ÄLEM-JAHAN TELWASYNDA, BELENT ŞANLAR SENDE WATAN!

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýeňişli menzilleri ynamly külterleýän türkmen halky üstümizdäki ýylda-da uly özgerişlere eýe bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň rowaç alýan aýdyň ýoly jemgyýetimizde bolup geçýän taryhy wakalar bilen şöhratlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň dabarasy dünýä dolan baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi şanly ýylymyzyň guwançly wakasy boldy.

     Golaýda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy çözgütlerini ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly, Türkmengala, Wekilbazar hem-de Garagum etrap Geňeşleriniň, Mary welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda « tegelek stoluň»  başynda söhbetdeşlik geçirildi. « Älem-jahan telwasynda, belent şanlar sende Watan!»  ady bilen geçirilen söhbetdeşlige kalplary buýsançdan doly ýaşlar gatnaşdy.

     Tegelek stoluň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ata Watanymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň derwaýys meselelerini ara alnyp maslahatlaşylandygy dogrusynda söhbet açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlyk etmeginde geçirilen ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisinde hormatly Prezidentimize « Türkmenistanyň Gahrymany»  diýen belent adyň dakylmagynyň halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlarymyzyň kalbyndaky buýsanjyň has-da belende göterilendigi, milli demokratik däplerimiziň, adalatlylyk, döwletlilik ýörelgelerimiziň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüň edildi.

     Täsirli geçen söhbetdeşlikde «Watan» diýen beýik düşünjäni özlerine hemra edinen türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza kalplarynyň egsilmez alkyşdan doludygyny buýsanç bilen belläp, ýeňişlere barýan ýoluň aýdyň sepgitlerini kesgitläp berýän Gahryman Arkadagymyzyň, il-günümizi ösüşiň nurana ýolundan belent sepgitlere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Hojamyrat AKMYRADOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

30 Iýun 2025 | 0 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 0 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER