Öten-geçenlerimizi ýatlamak halkymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten asylly däbi bolup, bu ynsanperwerlikden we belent adamkärçilikden nyşandyr. Milli senenamamyza laýyklykda, her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda ähli pajygaly söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär.
Şu gussaly senäni hatyralap, golaýda Ýolöten etrabyndaky 42-nji orta mekdepde etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda « Merdana pederleriň hatyrasy» ady bilen ýatlama söhbetdeşligi geçirildi. Hatyra gününe bagyşlanyp guralan bu çärä, şol mekdepde bilim alýan okuwçylar, mugallymlar hem-de TMÝG-niň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt baştutanlygynda güneşli Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan dürli däp-dessurlaryň geljekki nesillere ýetirilmegi hakynda yzygiderli alada edilýändigini we olara aýratyn sarpa goýulýandygyny bellemek bilen, ýurdumyzyň azatlygy, ilimiziň erkinligi üçin mertlik bilen söweşip, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip wepat bolanlar, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlar hakyndaky ýatlamalar halkymyzyň hakydasynda ebedi saklanýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Hatyra gününe bagyşlanyp guralan kitap sergisi bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Şöhratly taryhymyzy, buýsançly geçmişimizi öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Şarifa AZAMOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.