Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzy ösdürmekde belent sepgitlere ýetilip, uly zähmet üstünlikleri gazanylýar. Şanly ýylymyzyň taryhy wakalary bolsa, il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň öň ýanynda ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen ilhalar çözgütler ulus-ilimiziň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy. Hut şu nukdaýnazardan, şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, şanly waka mynasybetli geçirilýän dabaraly maslahatlar welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde giňden dabaralanýar.
Golaýda, Türkmengala etrap medeniýet öýünde Türkmengala etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Siz ýaşlara görelde, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdy.
Maslahatda ilki bilen, Türkmengala etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa çykyş edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen maslahata gatnaşyjylary gutlady we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdi.
Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň başlygy Begenç Agaýew, TKA-nyň Türkmengala etrap birleşmesiniň başlygy Myratly Amannaýew, Türkmengala etrabyndaky Kagyz tegekleri öndürýän fabriginiň ykdysadyýetçisi, Türkmenistanyň Mejlsiniň deputaty Orazgeldi Saparow çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisinde ata Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn wezipeler kesgitlenip, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul edilendigi barada buýsançly gürrüň edildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy çözgütlerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adynda ýaşlaryň ýüreklerinden syzylyp çykýan hoşallyk sözler belentde ýaňlandy.
Babajan MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri,
Welaýat halk maslahatynyň agzasy.