HALK HAKYDASYNY HORMATLAP

     Öten-geçenlerini ýatlap, ynsan hatyrasyny saklamak türkmen halkynyň asylly häsiýetleriniň biridir. Pederlerimiziň «Ölüsini sylan baý bolar, dirisini sylan – beg», «Öli aýatdan doýmaz, diri hezzetden» diýen milli ýol-ýörelgesine eýerýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen her ýylyň 6-njy oktýabrynda 1948-nji ýylda tebigy weýrançylyk zerarly gül ömürleri kesilen ildeşlerimiziň hatyrasy sarpalanýar, aýat-töwirler okalyp, olaryň ruhuna sadakalar berilýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň watansöýüji, arassa ahlakly bolmagy baradaky pentleri bagtyýar ýaşlaryň her biriniň ýüregine melhem bolup ornaýar. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň we Watan üçin şirin janyny orta goýan gerçeklerimiziň ruhuny hatyralamak, ähli söweşlerde edermenlik görkezen watançylary, milli gahrymanlary hormatlamak, olaryň ruhlarynyň öňünde tagzym etmek maksady bilen geçirilýän hatyra dessury her birimiziň köňlümizde Watany söýmekde mizemez mekdep döreden gerçeklerimize çuňňur hormat oýarýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyzda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň gurulmagy ebedi hasaplanylýan milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpadan nyşandyr.

 

Toýly JÄNÄDOW,

TMÝG-iň Mary welaýatynyň

Mary etrap geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

30 Iýun 2025 | 0 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 0 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER