Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni buýsançly wakalara, şanly senelere baýdyr. Ýakynda Hormatly Prezidentimiziň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagy ýatdan çykmajak taryhy waka bolup, ýaşlarymyzda egsilmez ruhy galkynyşy döretdi. Hut şu nukdaýnazardan, şu günler welaýatymyzda maslahat duşuşyklarydyr, dabaraly çäreler yzygiderli geçirilip, biziň etrabymyzda-da şeýle maksatly çäreler giň gerime eýe bolýar.
Şeýle çäreleriň biri «Dostluk gatnaşyklarynyň batly gadamlary» ady bilen Baýramaly etrabynyň 1-nji orta mekdebinde geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahat diýseň täsirli boldy. Oňa şol mekdebiň mugallymlary, ýokary synplarda okaýan okuwçy ýaşlar hem-de TMÝG-niň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi.
Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky öňe süren beýik başlangyçlarynyň barha rowaç alýandygy, täze taryhy eýýamda daşary syýasatda durmuşa geçirilýän işleriň eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny täze belentliklere göterýändigi dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Golaýda, Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolup, Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy we Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagy ajaýyp döwrümiziň parahatçylyksöýüjilik we jebislik taglymatynyň durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň güwasine öwrülýändigi baradaky söhbetler bolsa, çykyşlaryň özenini düzdi. Çykyş edenler türkmen halkyna hemişe toýly günlere, şanly wakalara şaýat bolmak bagtyny miýesser edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyşly sözleri beýan etdiler.
Azat MUHIÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.