Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygy hem uly ösüşlere beslenýär. Üstümizdäki Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ata Watanymyzyň gymmatly baýlygy bolan «ak altynyň» bitginli hasylyny kemala getirmekde pagtaçy kärendeçiler işjeň zähmet çekip, ekin meýdanlaryndaky bereket hasylyny wagtynda, ýitgisiz ýygnamaga girişip, bu işi guramaçylykly dowam etdirýärler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň işgärleri hem güýz paslynyň bereketli hasylyny ýygnamaga işjeň gatnaşyp, pagtaçy kärendeçileriň, pagta ýygymyna işjeň gatnaşýan ýygymçylaryň arasynda bolup, günortan arakesme wagtlary olaryň «armasyny» ýetirip durýarlar.
Hut şu nukdaýnazardan, ýakynda Garagum etrap häkimliginiň, TMÝG-niň Garagum etrap Geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda medeni köpçülikleýin dynç alyş çäresi geçirildi. Etrabyň «Baýramaly» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde pagta hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak, şeýle-de, pagta ýygymynda zähmet çekýän mehanizatorlaryň, kombaýnçylaryň we kärendeçileriň günortan arakesme döwründe medeniýetli dynç almaklaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen geçirilen çäre «Armaweriň, pagtaçylar!» diýlip atlandyryldy. Medeniýet-sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar çäräniň şowhuny has hem artdyrdy. Çäräniň dowamynda öňdebaryjylara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çärä gatnaşyjylar milli gymmatlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny almakda ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Sülgün AGAJANOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.