Ýakynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy sapagyndan ugur alyp, welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýlip, atlandyrylan bu maslahat Mary welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guraldy. Maslahata TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp we okuwçy ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Mary welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Arzygül Orazowa we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy we terbiýeçilik ähmiýeti, Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän beýik işleri netijesinde ýaşlarymyz üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.
Soňra, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky ýaşulular Geňeşiniň agzasy Allaberdi Çaryýew, Wekilbazar etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulşirin Ataýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy Jennet Agaýewa, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň agzasy Tawus Gylyjowa, Murgap etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Annamyrat Hotjyýew, «Maru-Şahu Jahan» gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Aýparça Akymowa hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 5-nji ýyl talyby Kuwwatgeldi Çaryýew dagylar çykyş etdiler.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny nusgalyk derejede dowam etdirýän we halkyny Gün kimin çoýýan Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky taryhy özgertmeleri, şol sanda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynda ýaşlara beýan eden binýatlyk garaýyşlary we beren öwüt-ündewleri barada täsirli gürrüňler edildi.
Dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet-sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar bagtyýar ýaşlarymyzy ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna tükeniksiz alkyşlar aýtdylar.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.












