Ösüşdir özgertmelere beslenýän ajaýyp zamanada ýaşamak, zähmet çekmek, taryhy wakalaryň şaýady bolmak bagtyýarlykdan nyşandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary şol bagtyýarlygyň diňe şu günki däl, eýsem geljekki nesiller üçinem dowamat dowam bolmagyna ýol açýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagy hem ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy. Hut şu nukdaýnazardan, şu günler şanly waka mynasybetli geçirilýän dabaraly maslahatlar welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde giňden dabaralanýar.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Mary nebit gaz orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. «Ýaşlara nusgalyk taryhy sapak» ady bilen geçirilen maslahata mugallymlar, talyplar we ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi.
Maslahatda çykyş edenler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda il-ýurt bähbitli işleriň badynyň barha artýandygy we ýaş nesliň ylymly-bilimli, ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna hemmetaraplaýyn görelde görkezýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň geçen umumy sapagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleri, Garaşsyzlygymyzyň mukaddesligi we Bitaraplygymyzyň sarsmaz binýadydygy, şeýle hem nesil terbiýesi barada çuň manyly çykyş edendigi baradaky söhbetler bolsa, çykyşlaryň özenini düzdi. Bu ýerde maslahata gatnaşyjylar il-günümize hemişe toýly günlere şaýat bolmak bagtyny miýesser edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Myrat HANOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.