SUNGATYŇ NEPIS NUSGASY

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi hem-de Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, Ogulabat ejäniň ören alajalaryny hem-de iş guralyny sowgat bermegi mynasybetli, şeýle hem ýurdumyzda medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde alnyp barylýan işleri ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Sungatyň nepis nusgasy» ady bilen Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç çäresini gurnady.

     Çäräniň dowamynda muzeýiň ylmy işgärleri gatnaşyjylara milletiň käbesi, halypamyz Ogulabat ejäniň el işleriniň her bir zenan üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle hem ýürek mähri, şirin-owazy siňdirilip döredilen el-işleri gyzyl kürte, gülli jorap, nepis örülen alajalaryň muzeý gymmatlygyna öwrülendigi hakynda hem täsirli söhbet etdiler. Çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

     Ogulabat ejäniň nusgalyk el işleri halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryny, türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerini, aýratyn-da, gelin-gyzlarymyzyň edep-ekramyny, zähmet terbiýesini, ukyp-başarnygyny özünde jemläp, geljekki nesillerimize galjak nusgalyk baky mirasa öwrüler.

 

Göwher KAKAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Iýun 2025 | 0 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 0 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER