Batly gadamlar bilen aýdyň geljegi nazarlaýan ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamyna hem aýratyn üns berilýär. Watanymyzyň şöhratly geljegini aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly nesil bilen baglaýan Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde täze mekdeplerdir çagalar baglary, döwrebap binalar gurlup ulanylmaga berilýär.
Ynha bu gün altyn güýzüň ilkinji güni bolan 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakasy bolan Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda ir säher bilen täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan Döwlet senamyz ýaňlanyp, ak mekdeplerimiz okuwçy ýaşlara gapylaryny giňden açyp, olary mähirli garşylady. Şu buýsançly gün mynasybetli, täze binalaryň ençemesiniň açylyş dabarasy giňden ýaýbaňlandyryldy.
Şatlykly wakanyň dabarasy Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze 19-njy orta mekdebiň döwrebap binasynyň açylyş dabarasy bilen utgaşdy. Çärä Ýolöten etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim edaralarynyň işgärleri, mekdep okuwçylar we ene-atalar gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde netijeli işleriň alnyp barylýandygy barada durup geçdiler. Dabaraň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesilleriň ylymly-bilimli we kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Jennet ORAZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.