Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes başlangyçlaryny nusgalyk derejede dowam etdirýän we halkyny Gün kimin çoýýan Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz özüniň röwşen geljegine tarap ynamly öňe barýar. Şanly ýylymyzyň taryhy wakalarynyň her birine buýsanmak bolsa, diýseň ýakymly. Şeýle wakalaryň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygry boldy. Hut şu nukdaýnazardan, şu günler biziň etrabymyzda geçirilýän dabaraly maslahatlar hem giň gerime eýe bolýar.
Ýakynda, «Pyragy hem Arkadag — ömrümize şamçyrag» ady bilen Baýramaly etrabynyň Merkezi kitaphanasynda maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de Baýramaly etrap Merkezi kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyk diýseň täsirli boldy. Oňa etrap kitaphanasynyň wekilleri, ýaşlar we kalplary buýsançdan doly döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän täze şygryň gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä içre arşa göterilen abraý-mertebesini, oňa goýulýan hormat sarpany has-da belende göterendigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Pähim-paýhas ummanyna deňäp, beýik türkmen akyldarynyň şöhratyny öz ajaýyp şygry arkaly täze belentliklere göteren Gahryman Arkadagymyzyň öz döredijiligi dünýä deýin giňdigi, mähek deýin dürdänedigi baradaky söhbetler çykyşlaryň özenini düzdi. Bu ýerde maslahata gatnaşyjylar il-günümize hemişe toýly günlere şaýat bolmak bagtyny miýesser edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň döwlet galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.
Duşuşygyň dowamy etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň egsilmez joşguna beslenen aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşdy.
Azat MUHIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.