DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän taryhy wakalary, şanly seneleri il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyryp, buýsanjyny has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, şanly waka mynasybetli geçirilýän maslahatlar biziň etrabymyzda hem giňden dabaralanýar.

     Taryhy waka mynasybetli, golaýda Türkmengala etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. «Türkmenistan-ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollaryň diňe üstünliklere, beýik ýeňişlere beslenmegiň çeşmesi» diýen at bilen guralan dabaraly maslahat turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa, ýokarda ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi.

     Maslahatda ilki bilen, Türkmengala etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa çykyş edip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilendigi baradaky hoş habar bilen maslahata gatnaşyjylary gutlady we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly  ýolbaşçylygynda dünýä jemgyýetçiliginde ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigi dogrusynda giňişleýin durup geçdi. Soňra, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň başlygy Begenç Agaýew, Türkmengala etrap medeniýet bölüminiň başlygy Döwlet Ýagmyrow, Türkmengala etrap bilim bölüminiň başlygy Begmyrat Akmämmedow çykyş etdiler. Çykyşlarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmeginiň ýurdumyzda halkara ýaşlar diologyny giňeltmekde bitirýän hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasy bolup durýandygy, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak we medeni aň-paýhas taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmekde uly ornunyň bardygy barada joşgunly gürrüňler diňlenildi.

     Maslahatda çykyş edenler, ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Mähri GARLYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Türkmengala etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 8 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

30 Iýun 2025 | 544 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 564 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER