Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda il-ýurt bähbitli durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde belent sepgitlere ýetilýär. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilýär. Şu beýik ynam bolsa, röwşen geljegimiz bolan ýaşlarymyzy eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmäge we yhlasly okamaga borçly edýär.
Golaýda, Wekilbazar etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, hukuk goraýjy edaralaryň hem-de etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçe medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: täze döwür, täze nesil, täze maksatlar» ady bilen guralan duşuşyga bilim ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň we ýaşuly nesliň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan berk we ruhy taýdan arassa, watansöýüji hem-de edep-ekramly bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybarat boldy.
Wagyz-nesihat duşuşygynda ýaşlaryň röwşen geljegi üçin döwletli işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň rowaçlanýandygy, ýaşlaryň bidüzgünçiliklerden daşda bolmaklaryny gazanmagyň, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň, şeýle hem jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmegiň we kanunçylygy pugtalandyrmagyň meseleleri dogrusynda terbiýeçilik ähmiýetli çykyşlara giň orun berildi.
Duşuşygyň ahyrynda ýaşlar hakynda edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny nusgalyk derejede dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.
Hajar GARRYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Wekilbazar etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.