DAŞKENTDE GEÇIRILEN CAFA ― 2023 ÇEMPIONATY TAMAMLANDY

Futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň arasynda Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň çempionaty duşenbe güni tamamlandy.

Üç duşuşykda üç ýeňiş gazanan Eýranyň ýygyndysy sebit ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ýaryşy 6 utuk bilen jemlan Özbegistanyň ýygyndysy bolsa ikinji orny eýeledi. Bürünç medaly 3 utukly täjik ýygyndysy gazandy.

Şeýle hem iň arassa oýun üçin baýrak Täjigistanyň, ýörite baýrak Gyrgyzystanyň ýygyndylaryna berildi. Üç duşuşykda 7 gezek tapawutlanan eýranly futzalçy Sara Şirbeigi ýaryşyň iň netijeli oýunçysy boldy. Iň gowy oýunça niýetlenen baýrak bolsa onuň watandaşy Fareşah Karima berildi.