MILLI MIRAS-NESILLERE GÖRELDE

Asylly däplere eýermek watançylyk we millilik duýgusyny oýarýar. Türkmen  halkynyň milli buýsanjy, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we ösdürmekde, medeni mirasymyza hormat goýmak, ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrylýar. Her bir halkyň medeni-mirasy, däp-dessurlary, onuň milligini kesgitleýän, nesilde-nesle geçip gelýän gymmatlyklary bolup, ol halkyň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Ýaş nesillerimizi millilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň  gurnamagynda 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli halkymyzyň şöhraty taryhyna, dünýä medeniýetiniň ösüşini mynasyp goşant goşan milli medeni mirasymyza degişli gymmatlyklary ýaş nesillerde  mukaddes topragymyza, eziz Watanymyza beýik söýgüni terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine talyp, okuwçy we zähmet çekýän ýaşlarymyzyň gatnaşmaklarynda “Medeni  miras-halkyň ruhy dünýäsi” ady bilen gezelenç duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri milli medeniýetimiz, sungatymyzy, taryhy we tebigy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, ösdürmek, döwrebap kämilleşdirmek hem-de olary tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwürmekden ybaratdyr. Hut şonuň üçin hem soňky ýyllarda ýurdumyzda birnäçe gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, ata-babalarymyz şöhratly taryhda ajaýyp sungat eserlerini döredipdirler.  Umuman, pederlerimiziň durmuş tejribesi bilen baglylykda emele gelen we nusgawy gymmatlyga öwrülen köpöwüşgünli mirasymyz milli özboluşlylygyň binýadydyr.  Halkymyzyň toplumlaýyn durmuş we medeni mirasyny dürli ylymlaryň nukdaýnazaryndan öwrenmek, özleşdirmek we baýlaşdyrmak ajaýyp döwrümiziň gülläp ösüşine gönükdirilen borjumyzdyr. Medeniýet-ynsanlara nähili ýaşamalydygyny öwredýän beýik mugallym. Sungat-barlygy manyly ýaşamagyň ýörelge-ýoly. Döredijilik-özgeleriň aňyny ösdürmäge özüňi bagyşlamak. Bularyň ählisi birleşip, ynsanyň içki dünýäsini baýlaşdyrýan, ruhy iýmit bolup hyzmat edýän kämil eserleriň döremegine esas bolýar. Hut şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz medeniýeti halkyň kalbyna deňeýär. Milli senetlerimizi öwrenmek arkaly nesilleriň zähmet ukyplaryny kämilleşdirmek bolýar. Milli senetler hakyndaky düşünjeler bolsa olaryň watançylyk duýgularynyň has-da ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle bolansoň her bir milli senet, milli sungat nesil terbiýesinde möhüm orny eýeleýär.

Goý “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda” Berkarar döwleti peşgeş beren, Ýaş nesillerimizi millilik ruhunda terbiýelemekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumlary hemişe rowaç alsyn!

 

Amanberdi ANNABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin

habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 2 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

19 Iýun 2025 | 1 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

19 Iýun 2025 | 1 okalan

SAGDYN NESIL, SAGDYN JEMGYÝET!