ADAM, ONUŇ BEDEN AGZALARY WE OŇA DEGIŞLI ZATLAR HAKYNDAKY MATALLAR

Adamda bar, ady ýok.

(Burnuň aşagyndaky çukurjyk)

 

Adamda bar höwürtge,

Içinde ala ýumurtga.

(Göz)

 

Adyl diwan – bir paýlaşyk,

Parsah-parsah, ara daşlyk.

Kimse odur, kimse budur,

Her kim özüniňkiden hoşluk.

(Akyl)

 

Agyl doly akja guzym,

Gapysyn ýapsam, ýokja guzym.

(Diş, agyz)

 

Akja gunduz içinde

Böwri ala guş otyr.

(Göz)

Ala gaýaň ýüzünde

Ýaşyl donly gyz otyr.

(Öt)

 

Alaja ýüpüm dag aşar.

 (Göz)

 

Altmyş kempir gapaklaşdy,

Daň atansoň, taýaklaşdy.

 (Göz, kirpik)

 

Alty ganatly ak öýde,

Goly bagly gul otyr.

(Gapyrgalar, ýürek)

 

Ambar içinde otuz iki käkilik ýatyr.

 (Agyz, dişler)

 

Amyderýadan geçsem-de,

Üsti-başym öljermedi.

Kyrk goýnuň etin iýsem-de,

Agzym-burnum ýagjarmady.

(Düýş görmek)

 

Aňkar,

Aňkarda – toňkar.

Toňkarda – ala dag.

Ala dagda – gyýa dag.

Gyýa dagda – sümme tokaý.

(Agyz, burun, göz, gaş, saç.)

 

Asty garçyn,

Üsti garçyn,

Arasynda –gök gögerçin.

 (Göz)

 

Asty – gaýa,

Üsti – gaýa,

Arasynda hamyrmaýa.

(Dil)

Meňzeş habarlar

18 Sentýabr 2025 | 72 okalan

KEŞDEÇILIK SUNGATY: MILLI MIRASYŇ BEZEGI

17 Sentýabr 2025 | 125 okalan

MEDENI MIRAS – HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

16 Sentýabr 2025 | 116 okalan

TÜRKMEN MILLI ŞAÝ-SEPLERI