Medenýetim mirasym

Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ähli ulgamlarda işler günbe-günden öňe ilerleýär. Şonuň bilen birlikde, medeniýetimiz we sungatymyz hem pajarlap ösýär diýip buýsanç bilen aýtmaga doly hakymyz bardyr. Biz hem şu nukdaýnazardan ugur alyp TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Serdar etrap Geňeşi, etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary, etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde gurnamagynda Janahyr şäherçesiniň medeniýet öýünde “Medeniýetim mirasym” ady bilen geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi uly ruhubelentlige beslendi. Bu dabaraly çärä edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, il sylagly ýaşulylar hemde mährem eneler gatnaşdy. Baýramçylyk çäresinde çykyş edenler beýik işleriň baş sakasynda duran mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy. Arkadagly Serdarymyzyň  janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. Çäräniň dowamynda etrap medeniýet bölüminiň çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetiren aýdymlary çärä gatnaşyjylara uly şatlyk paýlady. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli medeniýet ulgamynda göreldeli zähmet çekýän ýaşlara TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Serdar etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Baýrambike SAPAROWA,

TMÝG-niň Serdar etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

10 Awgust 2022 | 35 okalan

MAŞGALA TERBIÝESI